Amerikanyň paýtagtynda sebitiň bäş döwletiniň ählisiniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän “Merkezi Aziýa – ABŞ” sammiti taryhy waka we Waşingtonyň Merkezi Aziýa bolan ünsüniň artandygynyň subutnamasy boldy.
Bu barada Özbegistanyň “UzA” habarlar agentliginiň habarçysy bilen söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Klimow aýtdy.
Onuň bellemegine görä, Amerikan tarapy ilki başda “C5+1” görnüşindäki ministrler derejesindäki duşuşyga bil baglapdy, emma netijede, ýokary derejeli sammit gurnalýar, bu bolsa ABŞ bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda “täze jogapkärçilik we netijeli hyzmatdaşlyk eýýamynyň özbaşdak alamaty” bolup durýar.
M. Klimow: “Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ählisiniň Baştutanlarynyň Waşingtona gelmegi we bu ýerde ABŞ-nyň Prezidenti bilen duşuşmagy örän uly waka. Biz Merkezi Aziýadan uzakda ýerleşýäris, ýöne ABŞ bu sebit bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görýäris” diýip nygtady.
