Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda maslahat geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Türkmenistandaky düzümleriniň ýolbaşçylary, ilçiler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny okady. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da artdyrýar” diýlip bellenilýär.

Soňra maslahatyň gün tertibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakiýan, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistan boýunça edarasynyň täze bellenen ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow çykyş edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky stragetik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

Çykyşlarda, Türkmenistan bilen BMG-niň dürli ugurlarda, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş, söwda, sanlylaşdyrma, ekologiýa ýaly ulgamlarda köp sanly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
TÜRKMENISTAN-BMG: HYZMATDAŞLYK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRJEK TÄZE YLALAŞYK
Maslahat tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026-2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekildi.
Bu maksatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyndan soňra çykyş eden daşary işler ministri Raşid Meredow köp ýyllardan bäri Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň kabul edilip gelinýändigini belläp, bu gezek onuň 5 tapgyryna gadam basylandygyny aýtdy.
Täze maksatnama Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda täze hyzmatdaşlyk döwrüniň başlanandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bolsa, Türkmenistanyň Hökümetine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.
Dmitriý Şlapaçenko täze maksatanamanyň taýýarlamak üçin 1 ýyldan gowrak bilelikde iş alnyp barlandygyny belläp, köp sanly duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça täze maksatnamanyň işlenip düzülendigini aýtdy.
Dmitriý Şlapaçenko täze maksatnamanyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda işjeň ösdürilmegine goşant goşjakdygyny belledi.
