BILIM

Türkmenistan we Hytaý: bilim hyzmatdaşlygyna täze itergi

Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew Türkmenistanyňdaky Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi jenap Si Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Ministr Ilçini wezipesine girişmegi bilen gutlap, bilim ulgamy boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini nygtady.

Taraplar hytaý dilini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we akademiki alyş-çalşyklary işjeňleşdirmek, mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşdirilmegini ösdürmek, şeýle hem sanly bilim tehnologiýalary boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy hereket edýän grant başlangyçlaryna berilýän Hytaýyň goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen talyplary üçin stipendiýa mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlykda sanly çözgütlere gönükdirilen taslamalary barada maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanda «Lu Banyň ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmak boýunça gepleşik geçirildi; taslama Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit gaz uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki we Siýan Şiyou uniwersitetleri gatnaşýar.

Duşuşygyň netijesinde taraplar amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy