BILIM

“British International University Turkmenistan” taslamasyny döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Beýik Britaniýanyň “British Education Network” guramasynyň wekiliýeti hem-de “AD Education UK” edarasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Dewid Beýker bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu duşuşyk bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyr boldy. Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýän döwletimiziň durnukly ösüş hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarldygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda 2024-2025-nji ýyllardaky bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alşyldy, şol sanda:

  • Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerdäki ýokary bahasy (THE Impact Rankings 2024, UI GreenMetric World University Ranking);
  • “Accelerating English Language Learning in Central Asia” taslamasynyň çäklerinde iňlis dilini okatmagyň döwrebap usullary boýunça üstünlikli geçirilýän seminarlar;
  • Öňdebaryjy britan uniwersitetleri bilen onlaýn maslahatlaşmalar.

Beýik Britaniýanyň wekiliýeti “British International University Turkmenistan” taslamasyny döretmek teklibi bilen ýüzlenip, London uniwersitetiniň baý tejribesi hakynda maglumat berdi.

“British Education Network” platformasy hem-de London uniwersitetiniň tejribesi 17 sany meşhur kolležleri birleşdirip, 40 döwletde 100-den gowrak hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Halkara gatnaşyklar instituty bilen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň hyzmatdaşlygy

2023-nji ýyl: aspirantura, doktorantura kabul ediljekleriň sany tassyklandy