BILIM

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 7-8-nji maýynda «Açyk gapylar» gününi geçirilýär

Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2020-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp, «Açyk gapylar» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

«Açyk gapylar» güni uniwersitetde we ýokary okuw mekdebiniň Balkanabat bölüminde şu ýylyň 7-8-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-13-05, 39-13-18.

Balkanabat şäheriniň G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 4-93-62, 2-19-98.

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar