Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada “Tolonews” internet neşiri habar berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti, ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Abdul Gani Baradar Owganystanyň çägindäki TOPH taslamasynyň ýerine ýetirilýän işleri barada maglumat aldylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli derejede ösdürilýändigini belläp, bu möhüm sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginde owgan tarapynyň giň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz TOPH taslamasynyň Türkmenistanyň iň ýokary ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, sebitleýin ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge oňyn täsir etjekdigini aýtdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki şertler TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin iň amatly mümkinçilik bolup durýandygyny belläp, bu taslamanyň dünýä derejesinde goldaw tapýan sebitleýin başlangyç bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, bu taslamany bellenen möhletde tamamlamak babatda ähli şertleriň döredilýändigini belläp, Owganystanyň taslamadan her ýyl takmynan bir milliard amerikan dollary girdeji gazanjakdygyny aýtdy.
Abdul Gani Baradar TOPH taslamasyny sebitleýin hyzmatdaşlygy, ykdysady integrasiýany we umumy abadançylygy güýçlendirýän möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi we taslamanyň eýýäm Owganystanyň çäginde 14 kilometrlik gurluşyk işleriniň alnyp barlandygyny habar berdi.
Ol Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir TOPH taslamasy bilen çäklenmän, eýsem Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda giň ykdysady geçelgäni ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady.
Şeýle hem, ol Türkmenistany we ähli halkara hyzmatdaşlaryny häzirki wagtda Owganystandaky maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we ýurduň ösüşine goşant goşmaga çagyrdy.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi.
