DÜNÝÄ

Ženewada Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi

BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň «Geneva Center for Neutrality» (GCN) hem-de «Greater Caspian Association» (GCA) bilen bilelikde gurnamagynda halkara forum geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çärä 300-den gowrak gatnaşyjy — diplomatlar, syýasatçylar, halkara guramalaryň wekilleri, Ženewada akkreditirlenen wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, KHBS, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Forum häzirki zamanyň ählumumy wehimleriniň şertlerinde strategiki çemeleşme hökmünde bitaraplygy ara alyp maslahatlaşmak üçin giň gerimli meýdança öwrüldi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumyň esasy çykyş edijisi boldy.

Forumyň maksatnamasy «Häzirki dünýäde bitaraplyk – durnuklylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça diplomatik çemeleşmeler», «Bitaraplygyň ykdysady ölçegi – onuň maýa goýum gurşawyny döretmekdäki orny», «Bitaraplyk we tehnologiýalar – emeli aňy düzgünleşdirmek we sanly howpsuzlyk» atly üç sany sessiýadan ybarat boldy.

Çärä gatnaşanlar bitaraplygyň XXI asyrda durnukly ösüşiň, halkara dialogyň we ynanyşmagyň möhüm guralyna öwrülýändigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy