Türkiýäniň Adalat we ösüş partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary we Türki döwletleri bilen gatnaşyklary boýunça başlygy Kürşat Zorlu, soňky günlerde köp ünsleri özüne çeken “Türk nesilli daşary ýurtlular baradaky düzgünnamada” girizilen üýtgeşmeleri düşündirip geçdi.
Zorlunyň bellemegine görä, 10-njy oktýabrda “Resmî” gazetede çap edilip güýje giren täze düzgünnama Türki döwletleriniň raýatlaryna degişli däldir. Bu karar diňe Türki Döwletleri Guramasy agzasy bolmadyk ýurtlardan gelip, Türkiýede hemişelik ýaşaýan türki nesilli adamlara degişli bolýar.
“Türki döwletlerinden gelen doganlarymyz üçin hiç hili üýtgeşme ýok”
Kürşat Zorlu Anadolu habar gullugyna beren beýannamasynda, bu meseläniň köpçülikde nädogry düşünilmeginiň öňüni almak üçin jikme-jik düşündiriş berdi:
“Bu düzgünnama Türki döwletleriniň raýatlaryna degişli däldir. Olar üçin öňküsi ýaly 6735 belgili ‘Halkara iş güýji kanuny’ we 6458 belgili ‘Daşary ýurtlular we halkara gorag hakyndaky kanun’ güýjünde galýar. Üýtgeşme diňe türk döwletlerinden daşary gelip, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýan doganlarymyza degişli” diýip, ol aýtdy.
Zorlu, bu täzelenmäniň maksadynyň, Türkiýede hemişelik ýaşaýan türki nesilli adamlaryň iş rugsatlaryny häzirki zaman hukuk kadalaryna laýyklykda tertipleşdirmekdigini belledi.
“Täze düzgünnama bilen ähli şertleri ýerine ýetirýän adamlar käbir ýagdaýlarda diňe türki raýatlaryna degişli hünärlerde-de işläp biljekdiler. Bu, olaryň jemgyýete goşulyşmagyny we öz ukyplaryny peýdalandyrmagyny ýeňilleşdirýär” diýip, ol aýtdy.
Kanun häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täzelendi
Zorlu, 1981-nji ýylda kabul edilen 2527 belgili “Türki nesilli daşary ýurtlular hakyndaky kanunyň” hem-de onuň 1982-nji ýylda çykarylan düzgünnamasynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeden işlenilendigini aýtdy.
“Aprel aýyndan bäri alnyp barlan hukuk işleri netijesinde düzgünnamada möhüm üýtgeşmeler girizildi. Bu üýtgeşme, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan we käbir ýörite rugsat talap edýän hünärlerde işlemek isleýän doganlarymyza has amatly mümkinçilik döredýär” diýip, Zorlu nygtady.
Türkiýede 89 müňden gowrak türk nesilli daşary ýurtly işleýär
Zorlunyň beren maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkiýede Daşary ýurtlular we halkara gorag hakyndaky kanun esasynda ikamet rugsady alan türk döwletleriniň raýatlary takmynan 358 müň adam.
Şol sanda resmi taýdan iş rugsady alan türki nesilli daşary ýurtlylaryň sany bolsa takmynan 89 müň çemesi.
“Bu düzgünnama diňe çäkli sany adamlary öz içine alýar. Onuň ýerine ýetirilişi Prezidentiň karary bilen amala aşyrylar” diýip, Zorlu aýtdy.
Türkiýäniň “gönül geografiyasy” bilen gatnaşyklarynyň dowamydyr
AK Parti wekili, bu kanunyň täzelenmegini Türkiýäniň taryhy we medeni jogapkärçiliginiň bir dowamy hökmünde häsiýetlendirdi:
“Türkiýe diňe öz çäginde däl, eýsem giň ‘gönül geografiyasy’ bilen-de aragatnaşygyny pugtalandyrmaga çalyşýar. Bu karar hem şol gatnaşyklary has-da berkitmek üçin gurlan hukuk esasydyr” diýip, Zorlu aýtdy.
BELLIK: Bu habar bilen baglanyşykly maglumatlary “Atavatan TV Youtube” kanalyndan hem tomaşa edip bilersiňiz.
Habaryň linki: https://youtu.be/1EwpaFZL9bA