SPORT

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

Meksikanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lizbet Owalýe Meksikanyň “Tigres” toparyndan Amerikanyň “Orlando Praýd” toparyna geçdi. Bu barada Amerikanyň toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

“BBC” teleýaýlymynyň maglumatyna görä, transferiň bahasy 1,5 million dollara barabar boldy we bu zenanlar futbolynyň taryhyndaky iň gymmat transfer hasap edilýär.

Mundan ozalky rekord iýul aýynda goýlupdy. Şonda kanadaly Oliwiýa Smit Angliýanyň “Liverpul” toparyndan Londonyň “Arsenal” toparyna 1,3 million dollara geçen eken.

Owalýeniň “Orlando Praýd” topary bilen şertnamasy iki ýyllyk. Florida ştatynyň topary geçen möwsümiň Milli zenanlar futbol ligasynyň pleý-off ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Owalýe Meksikanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem 81 duşuşykda oýnap, 20 gol geçiripdi.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri