Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Iordaniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Aýman as-Safadi iki ýurduň raýatlary üçin wizadan boşatmak baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada “TASS” habarlar gullugy habar berýär.
Resminama syýahatçylaryň 30 günden köp bolmadyk möhlet bilen wizasyz sapar etmegine rugsat berýär, şonda şeýle bolmagyň umumy möhleti bir ýylyň dowamynda 90 günden geçmeli däldir.
Häzirki wagtda rus raýatlary Iordaniýa gelip, howa menzilinde bir aýa çenli möhlet bilen wiza alyp bilerler, onuň bahasy 40 dinar (takmynan 56 amerikan dollary).
Mundan ozal Iordaniýanyň Ministrler geňeşi «ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň çäklerinde» Russiýa bilen syýahatçylar üçin wizalaryň özara ýatyrylmagy baradaky ylalaşygy makullapdy. Ylalaşyk taslamasyny Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin tarapyndan bahar paslynda tassyklanypdy.