JEMGYÝET

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bu mejlisde çykyş eden Milli Liderimiz «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanmagynyň möhümdigini belläp geçdi.

– Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Ýakynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki döwürde bu işleri dowam etdirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan syýasaty milli kanunçylykda berkitmek üçin Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri durmuşa geçirmeli. Geçirilýän işleriň çäginde Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanylsa, maksadalaýyk bolardy, diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar

Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy