BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn söwda möçberini 2 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek boýunça bilelikdäki çäreler meýilnamasyny tassyklady, diýip, Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrligi habar berýär.

Bu barada ylalaşyk, Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde gazanyldy. Şol ýerde Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow we Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow bilen gepleşikler geçirildi.

Habarda aýdylyşy ýaly, taraplar serhetýaka söwdasy zolagynyň (Özbegistanyň Horezm welaýatyndaky Şawat – Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky Daşoguz) işiniň şertnamasynyň gol çekilmegini we ýakyn wagtda onuň işe girizilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, senagat kooperasiýasyny giňeltmek we ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu, ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrmak we iki ýurduň işewür işjeňligini höweslendirmekde möhüm ädim bolar.

2024-nji ýyldaky Türkmenistan bilen söwda aýlanşygy 1,15 milliard ABŞ dollaryny düzdi. 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda ikitaraplaýyn söwda möçberi 500 million ABŞ dollaryna ýakynlaşdy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi