BILIM

Hytaý kitaplaryny sowgat bermek dabarasy geçirildi

Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň Sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda bilim ugrunda alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa – Hytaý» merkeziniň tanyşdyryş dabarasynyň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin hytaý kitaplaryny sowgat bermek dabarasy geçirildi.
Dabarada edilen çykyşlarda Hytaý Halk Respublikasyndan ýokary derejeli wekiliýetiň Türkmenistanda saparda bolmagy iki döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolandygy bellenilip geçildi.
Çykyş edenler ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň hem-de talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wajypdygyny bellediler.
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Sinszýan uniwersiteti we Pekin daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen gol çeken ähtnamalarynyň esasynda akademik gatnaşyklary giňeltmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dabaraly pursady Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýony tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin hytaý kitaplaryny sowgat bermek dabarasy bilen utgaşdy.
Dabara bilen ugurdaş kitap, amaly-haşam sungatynyň sergisi, dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

Related posts

Rumyniýada okamak üçin mümkinçilik

Ata Watan Eserleri

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär

Türkmenistanda halkara bilim olimpiadalary geçiriler

Ata Watan Eserleri