BILIM

Garward uniwersiteti: Ähli sapaklar onlaýn

ABŞ-da ýerleşýän Garward uniwersiteti geljek ýyl ähli okuw sapaklaryny onlaýn ýagdaýda geçirjekdigini habar berdi.

Garward uniwersiteti indiki okuw ýylynda ähli sapaklaryň internet arkaly onlaýn ýagdaýda geçiriljekdigini we ýyllyk okuw töleginiň 50 000 dollar töweregi boljakdygyny mälim etdi.

Bakalawr talyplarynyň 40 göteriminiň uniwersitet şäherçesinde galmagyny dowam etdirip biljekdigi aýdylsa-da, talyplaryň uniwersitet şäherçesinde galýandygyna garamazdan, sapaklar internet arkaly boljakdygy bellenilip geçildi.

Täze düzgünlere laýyklykda, talyplaryň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlaryna myhmanlar kabul edilmeýär, hatda bir umumy ýaşaýyş jaýynda galanlara-da beýleki umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp görmek gadagan ediler.

ABŞ-nyň, Kanadanyň we Angliýanyň köp sanly ýokary okuw mekdepleriniň güýz möwsüminde okuwlary uzak aralykdan bermek usulyny dowam etdirjekdigi mälim edilýär. Talyplar ýokary okuw mekdeplerinden okuw töleglerini azaltmagyny talap etseler-de, bilim edaralarynyň aglabasy bu babatda hiç hili iş alyp barmady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi