SPORT

“Kristal Palas” ilkinji gezek Angliýanyň Super Kubogyny gazandy

“Kristal Palas” topary 11 metrlik jerime urgulary bilen “Liwerpul” toparyny ýeňip, Angliýanyň Super Kubogynyň oýnunda ilkinji gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Londondaky “Uembli” stadionynda geçirildi.

Oýnuň esasy wagty 2:2 hasaby bilen tamamlandy. “Kristal Palas” toparynyň düzüminde Jan-Filipp Mateta (17-nji minut, penalti) we Ismail Sarr (77-nji minut)tapawutlandy. “Liwerpul” toparynyň düzüminde bolsa Ugo Ekitike (4-nji minut) we Jeremi Frimpong (21-nji minut) gol geçirdiler.

Duşuşygyň ýeňijisini kesgitlemek üçin bellenen 11 metrlik jerime urgularynda “Kristal Palas” oýunçylary has takyk bolup, 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Ekitike we Frimpong “Liwerpul” üçin ilkinji resmi oýunda ilkinji gollarını geçirdiler. Frimpong maý aýynda Germaniýanyň “Baýer” toparyndan geçip, 2024-nji ýylda ol Germaniýanyň çempiony bolupdy. Ekitike bolsa iýul aýynda Germaniýanyň “Aýntraht” toparyndan iňlis toparyna goşuldy.

“Kristal Palas” ilkinji gezek Angliýanyň Super Kubogyny gazandy, “Liwerpul” bolsa bu kubogy 16 gezek eýeledi we bu görkezijide diňe “Arsenal” (17) we “Mançester Ýunaýted” (21) toparlaryndan yza galýar. Geçen möwsümde “Liwerpul” 20-nji gezek Angliýanyň çempiony boldy. Maý aýynda “Kristal Palas” ilkinji gezek ýurduň kubogyny gazanyp, finalda “Mançester Siti” toparyny (1:0) ýeňipdi.

Ýene-de okaň

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy