DÜNÝÄ

ABŞ dünýäniň ähli ýurtlaryna wiza bermegi wagtlaýyn togtadyldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy dünýäniň ähli ýurtlarynda ABŞ wizalaryny almak üçin söhbetdeşlige ýazylmagy wagtlaýyn togtatdy. Bu çäre global konsullyk taýýarlygynyň geçirilmegi we arza berijileri barlamagyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşyklydygy habar berilýär. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň Döwlet departamenti dünýäniň ähli ýerindäki ABŞ-nyň ilçihanalary we konsullyklary üçin global okuw maksatnamasyny işe girizdi. Wiza almak üçin arzalary kabul etmegiň tertibi okuw maksatnamasyny göz öňünde tutmak bilen üýtgediler.

Söhbetdeşligi öňünden bellenen adamlara elektron poçta arkaly olaryň duşuşyklarynyň ýatyrylandygy habar berildi. Şeýle hem, täze senäniň we wagtyň soň habar beriljekdigi aýdyldy.

Bu çäre Tramp administrasiýasynyň migrasiýa gözegçiligini güýçlendirmeginiň çäginde kabul edildi. Bu çäreleriň hataryna wiza we grin-karta almak üçin arza berýänleri has jikme-jik barlamak, şeýle hem bosgunlary kabul etmegiň düzgünlerini täzeden gözden geçirmek girýär.

Related posts

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen Lideriniň kitabyna Türkiýede uly gyzyklanma

vepa