BILIM

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy bilim babatda ähtnama gol çekdi

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm çäre wideoaragatnaşyk görnüşinde ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

Gol çekilen bu resminama Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolup, onuň esasy maksady Taraplaryň arasynda bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ähtnamanyň çäginde Taraplar bilim maksatnamalarynyň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen özara iş tejribesini we resminamalary alyşmak, bilim pudagyndaky bilelikdäki bilim we ylym maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, okuw, hünär derejesini ýokarlandyryş, ylym hem-de bilim işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem halkara akademiki alyş-çalşygyň çäginde Taraplaryň talyplaryny, mugallymlaryny we ylmy-barlag işgärlerini hyzmatdaş ýokary okuw mekdebine ibermek, bilelikde ylmy barlaglary alyp barmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp barmak barada düşünişmegi gazandylar.

Bu Ähtnama diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklarynyň hem ösmegine giň ýol açýar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar