BILIM

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Gyrgyzystanda mugallymlaryň işini aňsatlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýa işlenip düzüldi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Bilim ministrligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, her mugallym kompýuter alar. Häzirki wagtda 200 mugallym üç aýlap kompýuterleri synagdan geçirýär, soň bolsa kärdeşlerine paýlanar.

“Bu kompýuterlerde emeli intellektiň kömegi bilen döredilen sapaklaryň mysallary görkezilýär. Mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy işlerinde kömekçi hökmünde ulanyp başlarlar” – diýlip, bellenilýär.

Mugallymyň işine baglylykda hak tölemek ulgamynyň kem-kemden kämilleşdiriljekdigi bellendi. Mekdepdäki akademiki görkezijileriň ortaça derejesi ýokarlansa, mugallymyň aýlygy hem ýokarlanar.

Related posts

Uniwersitetimiziň talyby “Talyp gözeli-2023” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Aşgabatda II Halkara internet olimpiadasyna badalga berildi

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri