JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň sebitiň ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Related posts

Bilecik’te “Atavatan Türkmenistan” Rüzgârı

vepa

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Astanada “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler