SPORT

“Barselona” topary Rafinýa bilen täze şertnama baglaşdy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby braziliýaly futbolçysy Rafinýa bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada katalan toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

28 ýaşly hüjümçi bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýyla çenli dowam eder.

Rafinýa 2022-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynda çykyş edýär. Ol topar bilen iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, bir gezek ýurduň kubogyny we iki gezek superkubogy gazandy. Mundan öň hüjümçi Angliýanyň “Lids”, Fransiýanyň “Renn”, Portugaliýanyň “Sporting” we “Witoriýa”, Braziliýanyň “Awai” toparlarynda oýnady.

Şu möwsümde Rafinýa Çempionlar ligasynda 13 gol geçirip, Germaniýanyň Dortmund şäheriniň “Borussiýa” toparynyň hüjümçisi Seru Girassi bilen birlikde bu görkezijide birinji orny paýlaşýar.

“Barselona” bu ýaryşyň ýarym finalynda Italiýanyň “Inter” toparyna ýeňildi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy