SPORT

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ispan tälimçisi Hosep Gwardiola toparynyň düzümindäki özbegistanly futbolçy Abdukodir Husanowyň oýnuna uly kanagatlanma bildirdi.

Iňlis toparynyň ýaş özbek goragçysy Husanowyň geljeginiň bardygyny bellän Gwardiola bu barada şeýle diýdi:

– Bu ýigit geljekde uly futbolçy bolar. Biz önde bu mümkinçiligi görýäris. Husanow pökgi bilen sowukganly çemeleşýär, meýdançada örän çalt hereket etmegi başarýar. Çözgüt kabul etmek işini hem kämilleşdirmeli, bu hem onuň ýaşy bilen baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, Angliýanyň “Mançester Siti” topary özbek futbolçyny Fransiýanyň “Lans” toparyndan 50 million ýewro satyn aldy. Özbegistanly futbolçy iňlis topayr bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Ol öz toparynyň esasy duşuşyklarynda meýdança çykýar. Özbek futbolçynyň hasabyna geçirne bir goly bar.

Gynansak-da, Angliýanyň “Mançester Siti” topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna ýeňlip, Ýewropanyň iň uly ýaryşyndan çykdy.

Umuman, bu möwsümde Angliýanyň “Mançester Siti” topary Angliýanyň çempionatynda hem garaşylan netijäni berip bilmän, çempionlykdan daşlaşdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy