JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020:  Angliýanyň ynamly ýeňşi

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Angliýanyň milli ýygyndysy Uembli stadionynda Germaniýanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Angliýanyň gollaryny Rahim Sterling hem-de Garri Keýn öz adyna ýazdyrdy.

Ýewropa çempionatynyň esasy duşuşyklarynyň biri bolan bu oýnuň birinji ýarymy 0:0 hasabynda gutardy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda 75-nji minutda Rahim Sterlingiň hem-de 86-njy minutda Garri Keýniň gollary Angliýanyň ýygyndysy 1966-njy ýyldan soňra Germaniýanyň ýygyndysy iri futbol ýaryşlarynyň plef-off tapgyrynda ýeňmegi başardy.

LEWIŇ 15 ÝYLLYK TÄLIMÇILIK DÖWRI TAMAMLANDY

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýoahim Lew 15 ýyldan soňra milli ýygyndydaky wezipesini tabşyrýar. Bu duşuşyk onuň soňky oýunlarynyň biri boldy.

DUŞUŞYK BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

  • Angliýa 1968-nji ýyldan soňra ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda pleý-off tapgyrynda 11 metrlik jerime urgulary bolmazdan ýeňiş gazandy.
  • Angliýanyň ýygyndysy “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşyklarda hiç wagt ýeňilmändi.
  • Garet Sautgeýtiň tälimçiliginde Angliýanyň ýygyndysy entek Ýewro-2020 çempionatynda öz derwezesine gol geçirmedi.
  • Rahim Sterlingiň gol geçiren 13 duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy.
  • Germaniýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň soňky 6 duşuşygynda 1 gezek ýeňiş gazandy.
  • Germaniýanyň ýygyndysy 2004-nji ýyldan soňra ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda ¼ final tapgyryna çykyp bilmedi.
  • Ýewropa çempionatynyň iň güýçli topary hasaplanan Germaniýanyň, Fransiýanyň, Portugaliýanyň hem-de Wengriýanyň ýygyndylarynyň bolan “F” toparçasyndaky ähli ýygyndylar öýlerine dolandylar.
  • 1950-nji ýyldan soňra Germaniýa bilen Fransiýa ilkinji gezek dünýä we Ýewropa çempionatynda ilkinji 8 toparyň hataryna girip bilmedi.

 

30-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri