JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Ukrainadan garaşylmadyk üstünlik

Ýewropa çempionatynda Ukrainanyň milli ýygyndysy bilen Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşykdan soňra 1/8 final tapgyry hem tamamlandy.

Ukrainanyň milli ýygyndysy garaşylmadyk netijeler gazanyldy. Olar ilkinji gezek Ýewropa çempioantynda ¼ finala galmagy başardy.

Ukrainanyň milli ýygyndysy Şwesiýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Ukrainanyň ýygyndysy 27-nji minutda Aleksandr Zinçenko bilen 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Şwesiýanyň ýygyndysy 43-nji minutda Emil Forsberg bilen hasaby deňledi.

Duşuşygyň 90 minuty şeýle hasap bilen tamamlandy. Goşmaça berlen 30 minutlyk döwürde 120-nji minutda Artýom Dowbigiň goly bilen Ukraina ¼ finala çykdy.

DUŞUŞYK BARADA MAGLUMATLAR

  • Ukraina ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda ¼ finala çykdy. Ukrainanyň ýygyndysynyň iri futbol ýaryşyndaky iň gowy görkezne netijesi 2006-njy ýyldaky dünýä çempionayt bolupdy. Şonda hem olar ¼ finala çykypdy.
  • Artýom Dowbik milli ýygyndydaky ilkinji goluny geçirdi.
  • Ukraina Aleksandr Zinçenkonyň gol geçiren 7 duşuşygynyň 6-synda ýeňiş gazanyp, 1-inden deňme-deň oýnady.

 

Ýewro-2020:  Angliýanyň ynamly ýeňşi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy