JEMGYÝET

Türkmenistanda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni döredildi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň döredilmegine bagyşlanan Permana gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni döredilip, bu baýramy her ýylyň 6-njy awgustynda bellenilip geçiler.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün ederler.

 

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Related posts

27-nji awgustdaky howa maglumaty

“Halkara nol galyndy” güni yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Erkinlikleriň mekdebi

vepa