SPORT

Türkmen türgenleri Peruda 4 medal gazandy

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça türgenleri Peru döwletiniň Lima şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandy.

81 kg agramda çykyş eden Didarbek Jumabaýew 305 kg netije görkezip, kümüş medalyň eýesi boldy. Türkmen ýygyndysynyň medallarynyň üstüni ýene-de bir kümüş medal bilen Kakamyrat Annamyradow ýetirdi. Ol 73 kg agramda çykyş edip, 290 kg netije görkezdi.

Şeýle hem Islam Akmyradow 96 kg çykyş edip, umumylykda 316 kg agram göterip, kümüş medal gazandy.

Gyzlaryň arasynda bolsa, Ogulşat Amanowa 55 kg agramda çyykş edip, ol 101 kg agramy göterip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi