DÜNÝÄ

Moskwadaky harby ýörişe 29 döwletiň ýolbaşçysy gatnaşar

9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere 30 döwletden ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.

– Köp sanly daşary ýurtly myhmanlar çagyryldy. Ýeňiş baýramynyň dabaraly ýörişine 29 döwletiň ýolbaşçysyna garaşýarys – diýip, ol belledi.

Şeýle hem Uşakow Bosniýa we Gersegowina, Braziliýa, Burkina-Faso, Wenesuela, Wýetnam, Gwineýa-Bisau, Müsür, Zimbabwe, HHR, Kongo, Kuba, Laos, Mongoliýa, Mýanma, Palestina, Serbiýa, Slowakiýa we GDA döwletleri ýokary derejede wekilçilik etjekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, dabaraly çärelere Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Afrika Geňeşi ýaly birnäçe halkara we sebit guramalaryň baş sekretarlary hem çagyryldy.

 

Related posts

Dost-doganlyk konserti

vepa

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energetika boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlar

Türkmenistan Braziliýa gutlag hatyny iberdi