DÜNÝÄ

Fridrih Mers Germaniýanyň täze kansleri boldy

Germaniýanyň milli parlamenti Bundestag tarapyndan Fridrih Mers Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze Federal kansleri wezipesine saýlandy. Ol bu ýokary derejeli wezipä saýlanan 10-njy syýasatçy boldy.

Fridrih Mers kansler wezipesine saýlanandan soňra Germaniýanyň kansleri wezipesini alyp barýan Olaf Şolsuz ornuna geçdi. Soňra Federal kansler Fridrih Mers we ministrler Bundestagda kasam kabul edip, wezipe ygtyýarlylyklaryna girişdiler.

Germaniýanyň ozalky Federal Kansleri Olaf Şols bu wezipäni 3,5 ýyl alyp bardy.

Frihrih Mers Hristian bileleşigi we Sosial-demokratik partiýanyň bilelikde döreden täze hökümetiniň baştutany boldy.

Related posts

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin arzanladylan wiza ýygym möhletini uzaltdy

Eýranyň täze ilçisi Aşgabada geldi