SPORT

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Täjigistany ýeňdi

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň — «CAFA Women’s Futsal Championship-2024» ýaryşynyň çäginde sebit derejesindäki çempionatyň ýer eýesi bolan Täjigistanyň ýygyndy topary bilen duşuşdy.

Duşenbede guralan üçünji tapgyryň duşuşygy 4:1 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmen ýygyndysyndan Mariýa Çaryýewa dubl etmegiň hötdesinden geldi. Jeren Mämmedowa bilen Läle Haýypowa bolsa bir goldan geçirdiler.

Şeýlelikde, baş tälimçi Ýakup Öwezow bilen onuň kömekçisi Kamil Mingazowyň şägirtleri möhüm üç utugy eýelediler we medal ugrundaky göreşi dowam etdirýärler.

Ýaryşda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlarynyň çykyş edýändigini ýatladýarys.

Häzirki wagtda 9 utuk toplan Eýranyň ýygyndy topary öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda Gyrgyz Respublikasy (6 utuk), üçünji basgançakda bolsa Türkmenistanyň we Özbegistanyň (her biri 3 utuga eýelik edýär) ýygyndy toparlary barýar. Täjigistan bolsa heniz utuk toplap bilmedi.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 9-njy fewralda geçirjek nobatdaky duşuşygynda Eýranyň ýygyndy toparynyň garşysyna çykar. Oýun 16:00-da başlanar.

Related posts

Katar-2022: golsuz tamamlanan duşuşyklar

UEFA 2022-niň final duşuşygy Budapeştde geçiriler

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

Ata Watan Eserleri