Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşygy türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlardan erjelligi, dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi, atlara bolan söýgini we üşügi talap edýär. Şu gün dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi hem-de olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.
Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Onda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Babadaş atly mele aty gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.

Ikinji çapyşykda hem aralyk 1400 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Goar II atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.
Üçünji çapyşykda bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda çapyksuwar D.Azadowyň erk etmeginde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Ýagmyrly atly dor aty ýeňiş gazandy.
Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gazanar atly al aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow.
Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga ýaryşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.
Altynjy çapyşykda dört we ulyýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Gudratlydag atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra at çapyşyklarynda ýeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.
