JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu ugurda energetika, ulag we sanly ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri