JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu duşuşygyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, syýasy-diplomatik ugurda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda has işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady