JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa: sagdyn ýaş nesli kemala getirmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler, merkezde döredilen mümkinçilikler, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa bu ýerde ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde işleýän her bir lukmanyň, hünärmeniň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlenildi.

Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy.

Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar. Şoňa görä, maslahatda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler boýunça özara pikir alyşmalar boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hem häzirki döwürde sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyna ünsi çekdi.

Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagyna baryp gördi. Merkeziň ýolbaşçysy çagalar bakja-bagynda döredilen şertler, binalaryň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde körpeler barada edilýän aladalaryň netijeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bejeriş binasyna baryp gördi. Merkezde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda habar berildi.

Körpe nesilleriň şadyýan owazlary bu ýerde guralan dabaraly çäre bilen utgaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Olar sowgatlary hoşallyk duýgusy bilen kabul edip, çaga kalbyndan çykýan sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem merkezde bejergi alýan çagalaryň hemmesine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň adyndan dürli sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Täze kazylar wezipä bellendi

Premýer-ministr Sudani: Yrak türkmen gazyny almak üçin zerur işler geçirilýär

Eýran: Türkmenistanyň gazy Türkiýä iberilip başlandy

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary

Aşgabatdaky halkara pediatriýa merkezinde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylar

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi