TEHNOLOGIÝA

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslama başlar.

Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy, Hytaýyň Çžeszýan tehnologiýa uUniwersiteti bilen ähtnama gol çekdi, onuň çäginde wagtlaýyn emeli intellekt we durnukly ösüş halkara bilelikdäki laboratoriýasy dörediler.

Laboratoriýa emeli intellekt tehnologiýalaryny, uzakdan duýgurlygy, geografiki maglumat ulgamlaryny we çaklaýyş modellerini birleşdirip, ösen gözleg merkezine öwrüler. Onuň wezipeleri suw çeşmelerine gözegçilik etmegi we dolandyrmagy, tebigy betbagtçylyklar üçin irki duýduryş ulgamlaryny ösdürmegi we energiýa paýlanyşyny optimizirlemegi öz içine alar.

Gazagystanda özbaşdak emeli intellekt ulgamlarynyň döredilmegini gadagan edýän emeli intellekt barada kanun kabul etmek meýilleşdirilýär.

Related posts

“Teknofest” festiwaly geçiriler

“Tesla” Ýewropadaky ilkinji zawodyny açdy

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri