DÜNÝÄ

ABŞ-da 2-nji uçar heläkçiligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýene-de bir uçar heläkçiligi bolup geçdi. Birnäçe gün mundan ozal, “American Airlines” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary bilen harby dikuçaryň çaknyşmagyndan soňra düýn Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde lukmançylyk uçary heläkçilige uçrady. Bu barada ABŞ-nyň teleýaýlymlary hem-de habar beriş serişdeleri habar berýär.

“Fox News” teleýaýlymynyň maglumatyna görä, heläkçiligiň amala aşan ýerinde ýangyn döredi we gaz geçiriji hatardan çykdy.

Teleýaýlymyň maglumatyna görä, uçar asman giňişligine galandan 30 sekuntdan soňra rdarlaryň ekranyndan ýitipdir.

Pensilwaniýa ştatynyň gubernatory Joş Şapiro “Х” jemgyýetçilik torundan beren habaryna görä, Filadelfiýanyň şäher häkim bilen söhbetdeş bolup, kömek üçin degişli serişdeleriň bölnüp beriljekdigini belledi.

Related posts

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

Prezident Ärdogan 14-nji gezek Baş Assambleýada çykyş eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa owgan meselesini maslahatlaşdy