DÜNÝÄ

Tramp: Amerikanyň altyn asyry şu wagt başlaýar

ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde wezipesine resmi taýdan girişen Donald Tramp kasam kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda “Amerikanyň altyn asyry şu wagt başlaýar” -diýdi.

ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti Donald Trampyň wezipesine girişmek dabarasy Kongresiň merkezi zaly bola Rotonda zalynda geçirildi. 1 müň adamlyk bu zalda 40 ýyldan soňra ýurduň baştutanyň kasam kabul ediş dabarasy guraldy.

Donald Tramp ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Jon Robertsiň öňünde kasam kabul etdi. Dabara ilkinji gezek daşary ýurtdan myhmanlar hem çagyryldy. Olaryň hatarynda Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý, Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Ekwadoryň Prezidenti Daniel Noboa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Donald Trampy wezipesine girişmegi mynasybetli gutlap, Russiýanyň ABŞ-nyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtap geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy