SPORT

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçdi

Gruziýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň “Napoli” toparynyň ýarymgoragçysy Hwiç Kwarasheliýa Fransiýanyň çempiony “Pari-Sen-Žermen” toparyna geçdi. Bu barada fransuz topary jemgyýetçilik toryndan habar berdi.

Tejribeli gruzin futbolçy bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Futbolçynyň transferiniň bahasy 70 million ýewro deň boldy.

Gruziýaly futbolçy mundan ozal, 2022-nji ýylda düzümine goşulan Italiýanyň “Napoli” toparynda çykyş edip, netijeli oýun görkezipdi.

Related posts

Alp Arslan Begenjow Slowakiýada bürünç medal gazandy

“Super Liganyň” taryhynda iň…

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty 3 ýurtda geçiriler