Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär.
Şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary kesgitlenilýär. Milli Liderimiz bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, BMG-niň Türkmenistanyň Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.
Bu Konsepsiýa taýýarlanylanda, köp babatda BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen «Geljegiň sammitiniň» esasy mazmunyna esaslanylandygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä-de, Türkmenistan Konsepsiýany şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň hatyrasyna pakty» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasaplaýar.
BMG-niň Baş sekretary ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny nygtady. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi pugta maksat edinýändigini tassyklady. Anyk aýdylanda, gürrüň Merkezi Aziýadaky ýagdaý barada barýar. Biz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryna esaslanmagy maksat edinýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.