DÜNÝÄ

«Artyk» gümrük nokadynda türkmen-eýran duşuşygy

«Artyk» gümrük nokadynda «Artyk-Lotfabad» gözegçilik-geçiriş ýerinde hereket edýän Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň üçünji duşuşygy  geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri we eýran tarapyndan Dargaz şäheriniň häkimi, «Lotfabad»  gümrük nokadynyň başlygy we işgärleri, Lotfabaddaky serhet nokadynyň başlygy we işgärleri hem-de EYR Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Artyk» (Türkmenistan) we «Lotfabad» (Eýran Yslam Respublikasy) gözegçilik-geçiriş ýerleriniň geçirijilik kuwwatyny we iş wagtyny köpeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gümrük serhetlerinden harytlaryň bikanun geçirilmeginiň öňüni almak babatda hyzmatdaşlyk gün tertibiniň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, ygtybarly gümrük barlagyny amala aşyrmak barada meselä üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy