SPORT

“Milan” topary 8-nji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Soňky ýyllarda arap döwletleri sportuň futbol ugruna has köp üns berip başladylar. Katar 2022-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul etdi. Saud Arabystany bu dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlyk görýär.

Şol döwürde bu ýurtlarda Ýewropa ýurtlarynyň Superkubogynyň final duşuşyklary geçirilýär. Golaýda Fransiýanyň Superkubogyny almak ugrundaky final duşuşygy Kataryň paýtagty Dohada geçirildi.

Bu gezek Saud Arabystanynyň paýtagty “Er-Riýad” şäherinde Italiýanyň Superkubogynyň finaly guraldy. “Al-Awwal Park” stadionynda geçirilen duşuşykda “Milan” topary “Inter” toparyny 3:2 hasabynda utup, 8-nji gezek bu abraýly kubogyň eýesi boldy. Bu ýaryşyň pul baýragy 13 million dollar bolup, ýeňiş gazanan topar 8 million, utulan topar 5 million dollar gazandy.

Kubogy gazanan toparyň düzüminde Teo Ernandes, Kristian Pulişiç hem-de Temmi Abraham tapawutlandy. Ýeňlen toparda bolsa, Lautaro Martines we Mehdi Taremi gol geçirdi.

“Milan” topary 2016-njy ýylda ilkinji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazanypdy. Bu gezek topar 8-nji kubogyny gazandy.

“Inter” topary hem bu kubogy 8 gezek gazanan bolsa, iň köp gazanan topar 9 gezek bilen “Ýuwentus” toparydyr.

Italiýanyň superkubogy ikinji gezek 4 toparyň gatnaşmagynda pleý-off ulgamynda geçirildi. Oňa Italiýanyň çempiony “Inter”, wise-çempion “Milan”, şeýle hem kubogy iň köp gazanan “Ýuwentus” we “Atalanta” toparlary gatnaşdy.

“Inter” topary “Atalantany”, “Milan” bolsa “Ýuwentusy” ýeňip, finala çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy