“Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda türkmen firmasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Bu barada Habarlar portaly habar berýär.
Bu resminama awtomobil ýolunyň gurluşygyna tehniki we maliýe taýdan goldaw bermek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gol çekildi. Ähtnama ýokary tizlikli awtobanlaryň gurluşygynda zerur bolan ýokary tehnologiýa ulgamlary babatda ylmy-tehniki hem-de maliýe hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Taraplar bu iri göwrümli infrastruktura taslamasyna maliýe serişdelerini çekmek babatda bilelikde iş alyp barmak babatda ylalaşdylar. Sarahs-Mary-Serhetabat awtomobil ýoly Tükrmenistanyň ulag torunyň esasy bölegine öwrüler. Şeýle hem bu taslama ýurduň dürli sebitler bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we llogitika ulgamyny gowulandyrmaga ýardam eder.
Gol çekilen resminama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda infrastruktura we tehnologiýa ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda möhüm ädime öwrüldi.