DÜNÝÄ

Russiýa Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana gaz üpjünçiligini artdyrar

Russiýa, Gazagystanyň çäginden Özbegistana gaz üpjünçiligini artdyrar diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin aýtdy. Bu barada Prezident Wladimir Putin Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde guralan metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Wladimir Putin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen metbugat ýygnagynda: “Geçen ýyldan bäri Gazagystanyň çäginden goňşy Özbegistana gaz iberilýär. Muny dowam ederis” diýip belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Russiýa bilen Gazagystanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösýändigini nygtady.

– Hazar turbageçiriji konsorsiumynyň alyp barýan işleri netijesinde daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýän gazak nebitiniň esasy bölegi Russiýanyň çäginden we Gara deňizdäki rus port infrastrukturasyndan geçýär. Şol bir wagtyň özünde, biziň ýurdumyz Gazagystan kömürini import edýär, özara elektrik üpjünçiligi amala aşyrylýar. Gün tertibinde iki sany täze ýylylyk elektrik stansiýasynyň gurluşygy bar. “Gazprom” kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň sarp edijilerine tebigy gaz bökdençsiz iberilýär “-diýip, Putin belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan ýokary derejeli saparlara taýýarlyk görýär

ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Gazagystanda 2026-njy ýyl “Sanlylaşdyrma we emeli aň” ýyly diýlip yglan edildi

Tokioda auksionda tunes balygy $3,2 milliona satyldy

Azerbaýjan 2026-njy ýylda birnäçe halkara çäreleri kabul eder

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi