SPORT

Fransiýanyň “PSŽ” topary özbek futbolçy bilen gyzyklanýar

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň sport boýunça geňeşçisi Luiş Kampuş Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Fransiýanyň “Lans” toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

20 ýaşyndaky Husanow 2023-nji ýylyň tomsunda Belaursyň “Ernegetik-BGU” toparyndan “Lans” toparyna geçipdi. Özbek futbolçy gysga wagtda üstünlikli çykyş edip, fransuz toparyň düzüminde 27 duşuşykda oýnady we öňdebaryjy toparlaryň ünsüni çekdi.

Fransiýanyň iň güýçli topary bolan “PSŽ” kluby özbek futbolçy bilen gyzyklanýar, ýöne “Lans” topary geljegi uly bolan futbolçysyny satmagy göz öňünde tutmaýar. Häzirki wagtda bu futbolçynyň bahasy 20 million ýewro deň boldy.

Şeýle hem Angliýanyň “Arsenal”, “Ewerton” we “Nýukasl Ýunaýted” toparlary hem Özbegistanyň bu ýaş futbolçyna gyzyklanma bildirýär.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar