JEMGYÝET

“Çalyk Holding” Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny artdyrýar

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň başlygy Ahmet Çalyk Türkmenistanda elektrik geçirijileriň hem-de kombinirlenen elektrik beketlerini gurmak ýaly möhüm maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny habar berdi. Bu barada Ahmet Çalyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirile «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatynda habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistan ýurduň energetika infrastrukturasynyň ösmegine goşant goşýan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döredýär.

– Biziň durmuşa ornaşdyrýan täze tehnologiýalarymyz, Türkmenistanyň geljegi üçin möhüm bolan energiýa pudagyny has netijeli we durnukly edýär – diýip, belledi.

Türk işewüri innowasiýa çemeleşmeleri arkaly täze gymmatlyklary döretmek diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmän, eýsem ýurduň durnukly ösüşiniň esasy tarapy bolan daşky gurşawy goramagy hem üpjün edýär.

Related posts

Türkmenistandan dünýä ýalkym saçan akyldarlar: Ibn Sina we Al-Biruni

Tarihi kararlar alındı: Yeni kentler ve köyler inşa edilecek

vepa

Eýesiniň yzyna düşýär

vepa