JEMGYÝET

“Rönesans Holding” alternatiw energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatynyň çäginde ilkinji umumy mejlisde çykyş eden “Rönesans Holding” kompaniýalar toparynyň başlygy Erman Ylyjak alternatiw energiýa çeşmeleri we tebigy gaz pudagyndaky taslamalar babatynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy.

Milli kärdeşler bilen bilelikdäki işiň Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we energiýa infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

-“Taslamalarymyzyň üstünlikleriniň hünärmenleriň hil taýdan taýýarlanmagyna gönüden-göni baglydygyna ynanýarys – diýip belledi.

Şeýle hem, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde üstünlik gazanmak üçin hyzmatdaşlaryň arasyndaky ynamyň esasy faktordygyny aýtdy.

“Rönesans Holding” kompaniýasy özara peýdaly hyzmatdaşlyga we ösen tehnologiýalary ulanmaga ünsi jemläp, Türkmenistanyň geljekdäki taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny bellän Erman Ylyjak bilelikdäki tagallalaryň möhüm netijelere getirjekdigine we Türkmenistanyň halkara arenasynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny berkitjekdigine ynam bildirdi.

Ylyjak öz çykyşynda soňky 15 ýylda “Rönesans Holdingiň” Türkmenistanda köp sanly taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini we berk we özara peýdaly gatnaşyklaryň düýbüni tutandygyny aýtdy.

Bu kompaniýa, himiýa senagaty we alternatiw energiýa ýaly möhüm ugurlarda türkmen hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýanyň goşandy Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy