JEMGYÝET

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistana gelýär

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanda resmi saparda bolar. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň 10-11-nji oktýabrda Türkmenistanda saparda boljakdygy bellenildi.
– Hormatly ministrimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň çakylygy boýunça 10-11-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Saparyň barşynda doganlyk ýurt bolan Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar – diýlip, Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.
Häzirki wagtda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjanda saparda bolýar.

Related posts

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

208 Villa Sahiplerini buldu

vepa

Güýz seni ýada salýar

vepa