JEMGYÝET

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak foru­my geçirildi. Çärä Täjigistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Öz çykyşynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi we foruma ýokary derejede guramaçylyk edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi, şeýle hem doganlyk türkmen halkyny Bitaraplygyň şanly senesi bilen gutlady.

Täjigistan döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň üç onýyllygyň dowamynda halkara ynanyşmagy we howpsuzlygy berkitmäge, şeýle hem parahatçylyk dörediji diplomatiýany öňe sürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligini tassyklandygyny nygtady.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon: “Häzirki global durnuksyzlyk şertlerinde Türkmenistanyň başlangyçlary, şol sanda 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk üçin aýratyn ähmiýete eýedir” – diýip, nygtady.

Täjigistan parahatçylykly dialog, hyzmatdaşlyk we halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmek ýörelgelerine ygrarlydygyny, sebitleýin we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Related posts

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Bakanlar Kurulu toplantısı: Dünyanın en büyük enerji tesisi açılıyor

vepa

ÝUNISEF Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyny Güwänama bilen sylaglady