JEMGYÝET

Aşgabat Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşine taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler. Munuň üçin ýurdumyzyň degişli düzümleri bu mejlisi ýokary derejede guramak üçin iş alyp barar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisi barada degişli resminama gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, Türki Döwletleriň Guramasy we onuň agza döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köp ugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşlulular geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli düzümleri 2024-nji ýylyň 11-13-nji martynda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

 

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy