DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň DEIK geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Mahmut Er bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de milli Parlamentiň kanunçykarjylyk işi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-türk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk, özara düşünişmek we ýakyndan  goldamak esasynda işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Häzirki döwürde köpugurly gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, şol sanda iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlarynda ýokary derejede ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler