JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitiniň dabaraly kabul edişlik çäresine gatnaşdy

Şu gün XVI BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň myhmanlaryň hormatyna gurnan dabaraly kabuk edişlik çäresine gatnaşdy. Bu barada Tatarystanyň metbugaty habar berýär.

XVI BRIKS sammitiniň çäklerinde geçirilen dabaraly kabul edişlik çäresi Kazan şäheriniň “Kazan EKSPO” merkezinde geçirildi. Sammite gatnaşmak üçin gelen döwlet we hökümet Baştutanlary çäräniň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary öz ýurdunyň milli sazlary bilen garşylandy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin döwlet we hökümet Baştutanlary garşylap, olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra dabaraly kabul edişlik çäresinde çykyş eden Wladimir Putin bu gezek BRIKS sammitiniň çäreleriniň giň gerime eýe bolandygyny belledi.

Putin gurama agza döwletler bilen bir hatarda “BRIKS+” formatynda halkara forumy gurnaýandyklaryny belläp, bu forumda giň hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahataşyljakdygyny belledi.

SAMMITE 42 WEKILIÝET GATNAŞÝAR

Kazan şäherindäki BRIKS sammitine 42 wekiliýet, şol sanda 24 wekiliýet döwlet we hökümet Baştutanlary derejesinde gatnaşýar. Şeýle hem sammite 6 sany halkara guramanyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretary antoniu Guterriş hem gatnaşýar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň geňeşçisi, BRIKS guramaçylyk komitetiniň jogapkär sekretary Anton Kobýakow metbugat brifinginde belläp gedi.

Anton Kobýakow Russiýanyň BRIKS guramasyna başlyklyk eden döwründe 200-den gowrak çäräniň gurnalandygyny we oňa 10 müňe golaý adamyňgatnaşandygyny belledi. Kazandaky sammite 5 ýurduň Prezidentiniň ilkinji gezek gatnaşýandygy bellenildi.

Bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýdan, Hindistandan, BAE-den, Türkiýeden, Eýrandan, Kongodan we Wýetnamdan köp sanly wekiliýet geldi.

Ýene-de okaň

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar