Milli senenamamyzda 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýän akrap döwri barada ata-babalarymyz örän köp aýtgylary galdyrypdyrlar. Olaryň ählisinde-de bu döwürde howanyň çalt üýtgäp durýandygy barada aýdylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti ahbar berýär.
Akrap döwri başlanan badyna howa, bir görseň-ä, ýazyň güni ýaly maýyldyr, sähel salymdan görseňem, howanyň ýüzi gamaşyp, tozanly ýel göz açdyrman durandyr. Käte iniňi tikenekledýän sowuk şemaly-da bardyr. Bu ýagdaý «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgyny ýadyňa salýar. Käbir ýyllarda akrapda howanyň birden sowap, garyň ýagýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçin bu döwürde daýhan-da, maldar-da hüşgärligi elden berenok. Ýygnap ýetişmedik gök we bakja ekinleriniň meýdandaky hasylyny çalt ýygnamagyň aladasy bilen bolýar. Ekinleriň käbiriniň hasylynyň üstüne pena bolsun diýlip, ot-çöp basylyp goýulýan wagtlary-da bolýar. Mysal üçin, kädini şeýdip goýaga-da, gijiräk ýolsaň, onuň tagamy örän süýjeýär. Muňa ata-babalarymyz «Akrabyň ýeli çalan» diýipdirler. Keminäniň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýip ýazyşy ýaly, akrabyň soňy gyşyň başlanýan döwrüne gabat gelensoň, aýazly günlere-de ýazyp gidiberýär. Şonuň üçin-de, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýlipdir. Şeýle diýmek bilen, ata-babalarymyz tebigatyň iň bir gazaply döwri bolan gyş paslyna irgözinden taýýarlyk görmegi ündäpdirler. Şoňa görä-de, pasyl çalşygynyň döwri bolan durnuksyz howaly akrabyň döredýän kynçylyklaryndan hüşgär bolmaly.